Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almakda halk lukmançylygyndan peýdalanylýar

01:4914.03.2020
0
23185

13-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işinde aýratyn orun berlen bejerijilik häsiýetli ýüzärligiň adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti bolan bu ösümlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Ol häzirki zaman lukmançylygynyň bejeriş işinde giňden ulanylýar.

Döwlet Baştutanynyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde ýüzärligiň peýdalanylyşy, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş aýratynlyklary hakynda giňden beýan edilýär. Ata-babalarymyz ýüzärligi çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar. Wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar.

Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa bu ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar.

Şeýle hem milletiň Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik eserinde burç ösümliginiň peýdasy hakynda hem giňden beýan edilýär.

Türkmneistanyň Prezidentiniň bu eserinde burçuň halk lukmançylygynda örän köp keselleri bejermekde derman ýa-da dep ediji serişdelere goşundy hökmünde ulanylýandygy aýdylýar. Ylmy lukmançylykda hem bu ösümlik giňden ulanylýar.

Mundan başga-da, halk arasynda dümewlän adama burçlanan unaşyň peýdalydygy baradaky pugta düşünje bar. Bu tagamyň sowuklamanyň öňüni alýandygyny durmuş tejribeleri subut etdi.

Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler diýip, döwlet Baştutany belledi we häzirki döwürde bu ösümligi tütetmek arkaly ýagşy dessurlaryň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Paýhasly ata-babalarymyz ähmiýetli dessurlara başlanda, täze jaýa göçüp gelende, öýe täze gelin gelende ýüzärlik tütetmek ýörelgesini pugta dessura öwrüpdir. Ýüzärligiň tüssesiniň ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýändigi ylmy taýdan ykrar edildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden ulanylýar.

Dürli görnüşli, göze görünmeýän wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda ýüzärlik tüssesiniň netijelidigini köp asyrlaryň durmuş tejribesi subut etdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri halkymyzyň ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, wise-premýer P.Agamyradowa we ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň