Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi

04:4225.03.2025
0
18810

Şu gün Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada kabul edilen Kararnama bagyşlanan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly maslahat Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Ýaşasyn Bitarap Türkmenistan» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda bu Kararnamanyň, häzirki zamanyň prosessleri bilen baglanyşykly bolan möhüm syýasy-diplomatik üstünlik bolmak bilen, Türkmenistanyň öz garaşsyz ösüşiniň başlangyç döwründen bäri alyp barýan yzygiderli we üýtgewsiz daşary syýasat ugrunyň logiki we kanunalaýyk netijesidigini belledi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda sebitde we dünýäde durnukly ösüşüň we abadançylygyň ugrunda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň