Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny makullaýar

13:3025.03.2025
0
14534

Russiýa Federasiýasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny üçünji gezek ykrar edýän Kararnamasynyň kabul edilmegini makullaýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

"Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Milletler Bileleşigi tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň ilkinji gezek goldanylmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gabat gelýän simwolik mana eýedir. Bu Kararnama türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmak boýunça köpýyllyk yzygiderli tagallalarynyň, ýurduň parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäginde birleşdiriji gün tertibini kemala getirmäge goşýan goşandynyň ählumumy ykrarnamasyny alamatlandyrýar" diýip, ilçi nygtady.

Diplomatyň belleýşi ýaly, 1992-nji ýylda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk maslahatynyň Helsinkide geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda Türkmenistanyň daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerjekdigini ilkinji gezek yglan eden wagtyndan bäri Russiýa dostlukly ýurduň saýlap alan özygtyýarly ýoluny yzygiderli goldap gelýär.

"Biz Türkmenistanyň üýtgäp durýan şertlere garamazdan, aýratyn-da, dünýä gurluşynyň häzirki köppolýarlylyga geçýän ýagdaýlarynda Russiýa bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge tutanýerli garaýşyna ýokary baha berýäris. Aşgabadyň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynda bitarap çemeleşmäni saklap galmaga gyzyklanmalary halkara işlerde düşünişmezlikleri ýeňip geçmek boýunça umumy tagallalarda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýä siwilizasiýalarynyň çatrygy hökmünde Merkezi Aziýanyň geosyýasy mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm orun eýeleýär diýip hasaplaýarys. Bitarap garaýyşlar türkmen halkynyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde onuň myhmansöýerlik däplerinde, beýleki ýurtlardyr halklar babatda gyzyklanmalarynda we hormatynda öz beýanyny tapýar. Hut şoňa görä-de, Russiýa hemişe beýleki goňşy döwletler bilen birlikde, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde, şeýle-de Merkezi Aziýa, Hazar deňzi sebitlerini ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň goldawyna bil baglaýar" diýip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin çykyşynda aýtdy.

Russiýa sebitdäki durnuklylygy üpjün etmek babatynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belleýär. Rus tarapy 29-njy martda Arkadag şäherinde we 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara forumlara işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň