Germaniýaly lukmana Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi

23:5703.01.2020
0
13470

Germaniýaly lukmançylyk ylymlarynyň doktory Aksel Hauşilde Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly professory alymlyk derejesi berildi ― diýip, TDH ýazýar.

Professor Hauşild dermatologiýa we deriniň onkoilogiýa keselleri boýunça tanymal hünärmen, Ýewropanyň onkologlar birleşmesiniň ýolbaşçy komitetiniň agzasy, Kil şäheriniň uniwersitet klinikasynyň okuw merkeziniň müdiridir.

Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň towakganamasy we ýurdumyzyň Ýokary attestasiýa komitetiniň lukmançylyk ylymlary boýunça bilermenler geňeşiniň netijenamasy nazara alnyp, şeýle hem GFR bilen Türkmenistanyň arasynda lukmançylygyň ugurlary boýunça giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy ugurlary häzirki zaman derejesinde ösdürmek baradaky wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirilmegine, lukmançylyk ylmynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşan şahsy goşantlary üçin ýokary ylmy derejeniň gowşurylmagy germaniýaly alymyň bitiren işine berlen ýokary baha bolup durýar.

Uniwersitetiň Hormatly professory derejesine mynasyp bolan germaniýaly alym bildirilen hormat we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdy we bu hormatly derejäni uly buýsanç bilen kabul edýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň