Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy belleniler

09:4324.03.2024
0
25337

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory R.Bazarowyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýolbaşçysy M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Maslahat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işlerine bagyşlandy.

Iş maslahatynda gaznanyň geljekdäki işi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, 29-njy martda Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli uly medeni çäreleriň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynda betbagtçylyklar zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi baradaky maglumatlar beýan edildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlaryň, esasan hem, çagalaryň saglygy barada alada etmegiň döwletiň hemişe üns merkezinde durýandygyny belläp, edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň halkara ülňülere laýyk gelmelidigini aýtdy. Lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna-da uly ähmiýet berilmelidigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bejergi alýan çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. Hususan-da, surat çekmek boýunça bäsleşikleri guramagyň we zehinli çagalaryň çeken suratlaryny gaznanyň muzeýinde goýmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň