Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy

14:4117.04.2024
0
17034

Şu gün Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler, saglygy goraýyş işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Şu günki Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Bu çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem Mary welaýat Çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi.

Şu gün açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga hem-de ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir.

Zenanlara lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen bina 200 näsag orundan ybarat bolup, çaga dogrulýan bölümi, göwrelileriň patologiýasy bölümini, ginekologiýa bölümini öz içine alýar.

Çagalar binasy 260 näsag üçin orundan ybaratdyr. Giň binada bäbekleriň patologiýasy bölümi, kiçi ýaşly çagalar bölümi, nefrologiýa bölümi, newrologiýa bölümi, mekdep ýaşly çagalar bölümi, rewmokardiologiýa bölümi ýerleşýär.

Her binanyň özüniň kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa we anesteziologiýa, reanimasiýa bölümleri bardyr. Bu bölümlerde ornaşdyrylan enjamlar näsaglara gerek bolan ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär.

Anyklaýyş-maslahat beriş bölüminde ultrases, kolposkopiýa barlagyny, rentgen-flurog rafiýa, elektrokardiografiýa we ehokardiografiýa, elektroensefalografiýa, fibrogastroskopiýa, kompýuter tomografiýa barlaglaryny geçirmeklige giň mümkinçilikler döredilip, enäniň we çaganyň bedenindäki kadany we üýtgeşmeleri tiz anyklamakda we takyk kesel kesgitlemesini goýmaklyga, döwrebap bejergi bellemeklige, ýatymlaýyn bejergä ugradylmaga, şeýle hem gatnawly şertlerde näsaglaryň bejergisiniň netijesine gözegçiligi amala aşyrmaklyga uly ýardam berýär.

Ulular üçin barokamera otagy hem bar. Mundan başga-da, bölümde fizioterapiýa we bejeriş bedenterbiýe otaglary bolup, bellenilýän goşmaça bejergiler öz oňyn täsirini berýär.

Barlaghana bölümi lukmançylyk barlaghana ulgamynyň dünýä belli ösen tehnologiýalaryny özünde jemleýän iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

Bu bölümde laborator barlaglarynyň ähli görnüşleri geçirilýär. Olar adamyň bedeniniň ýaşaýşy üçin örän möhüm agzalarynyň we ulgamlarynyň gurluş we funksional işjeňligini häsiýetlendirýär.

Barlaglar halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň esasy bölümleriniň biri hem dogrum bölümidir. 100 orunlyk bu bölüm ýöriteleşdirilen akuşerçilik kömegini bermek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 15 sany dogrum otaglaryndan ybaratdyr.

Merkeziň bölümleriniň bir we iki orunlyk näsag otaglary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň her birinde aýratyn hammam, işgärler çagyrmak üçin ulgam göz öňünde tutulandyr, şeýle hem olarda merkezleşdirilen kislorod üpjünçiligi çekilendir.

Hassahananyň düzüminde dolandyryş bölümi, ýygnaklary, maslahatlary hem-de onlaýn maslahatlary geçirmek üçin 120 we 100 orunlyk mejlisler zaly, näsaglar we işgärler üçin naharhana, döwrebap awtoduralga, kir ýuwujy we zyýansyzlandyryjy bölümler bar.
Merkezde welaýatyň maşgala lukmanlarynyň, şepagat uýalarynyň we beýleki hünärmenleriniň bilim derejelerini kämilleşdirmek üçin okuw merkezi döredilen.

Täze açylan merkeze ýörite awtoulag serişdeleri sowgat berildi. Bu merkez welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmatlarlary etmek bilen, ýurdumyzyň bagtly geljegini üpjün etmäge özüniň mynasyp goşandyny goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň