Türkmenistanyň ýene iki welaýatyndaky barlaghanalarda häzirki zaman enjamlary oturdyldy

15:1505.04.2024
0
18545

Döwrebap barlaghana enjamlaryny oturtmak işleri Balkan welaýatynyň ähli etraplarynda ýerleşýän 14 we Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda bar bolan 16 kliniki barlaghanada üstünlikli tamamlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, barlaghanalarda dürli barlaglary geçirmek üçin zerur sarp ediş serişdeleri bar. Mundan başga-da, bu edaralaryň hünärmenleri üçin ýörite öwrediji okuw sapaklary geçirildi. Enjamlary oturtmak Ahal welaýatyndaky 10 sany kliniki barlaghanada we Aşgabatdaky lukmançylyk edaralarynda bar bolan 28 kliniki barlaghanada-da dowam edýär. Şeýle çäreler Lebap we Mary welaýatlarynda eýýäm tamamlandy.

Bu Türkmenistan hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM-i tarapyndan durmuşa geçirilýän taslama bilen üpjün edilýär. Taslama Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ýerleşdirmek işleri tamamlanandan soň, barlaghanalary reagentler we sarp ediş materiallary bilen üpjün etmegi, şeýle hem ýurduň barlaghanalaryna tehniki goldaw bermegi dowam etdirmek meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň