Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Kataryň kubogy ugrundaky ýaryşa üstünlikli girişdiler

19:3620.12.2019
0
7238

Doha şäherinde agyr atletika boýunça Kataryň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa badalga berildi. 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň bir saýlama tapgyry hökmünde ykrar edilýän ýaryşa türkmenistanly agyr atletikaçylar hem gatnaşýarlar. Biziň ýygyndymyza üç türgen wekilçilik edýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden berlen habara görä, 61 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Dänew etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Seýitjan Mirzaýew kümüş medala mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 270 kilogram agramlyga ýetip bildi. Seýitjan ştangany silterläp götermekde 125, itekläp götermekde 145 kilogramlyk netije görkezdi. Onuň çykyş eden agram derejesinde altyn medala gazagystanly Igor Son mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň dördünji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa 48 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, itekläp götermekde 97 kilogram agramlyga erk eden hem bolsa, iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

Halkara ýaryş 24-nji dekabrda tamamlanar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň