Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen eminleri AFK-nyň saýlanan Eminleriniň okuw-maslahatyna gatnaşdylar

19:3929.11.2019
0
4352

Türkmenistanly eminler topary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen AFK-nyň saýlanan Eminleriniň okuw-maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Okuw-maslahatyna gatnaşmaga FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow, FIFA-nyň emininiň kömekçileri Ahmet Begnazarow hem-de Pälwan Pälwanow dagy çakylyk aldylar.

Okuw-maslahatynyň dowamynda nazaryýetdir tejribe sapaklary geçirilip, onuň soňunda ýörite guralan fitnes synagy geçirildi. Türkmen eminleriniň üçüsi-de synagdan üstünlikli geçip, 2020-nji ýylda AFK-nyň bäsleşiklerinde eminlik etmäge mümkinçilik aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň