TÝL ― 2019, 24-nji tapgyr: «Şagadam» «Aşgabat» bilen bolan duşuşykda utuk ýitirdi

20:1706.11.2019
0
3285

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Aşgabat» «Şagadamy» kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Birinji ýarymy sessiz geçen duşuşykdaky pökgüleriň ikisi hem ikinji ýarymda geçirildi. 62-nji minutda «Şagadamdan» Baýramgeldi Nurlyýew hasaby açdy. Ýöne «Aşgabat» hasaby çalt deňledi. Güýçmyrat Annagulyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly paýtagtyň adybir toparyna deňligi getirdi. Şeýlelikde, kenarlylaryň 5 oýunlyk ýeňiş tapgyry tamam boldy.

Duşuşykdan soňra Türkmenbaşy şäheriniň topary utugyny 48-e çykaryp, ikinji orunda galdy. Altynjy orundaky «Aşgabatda» bolsa 22 utuk bar. Ýaryşyň lideri «Altyn asyr» indi ikinji orundaky garşydaşy blen aralygy 6 utuga çykardy. «Aragatnaşykçylaryň» ätiýaçda hem bir duşuşygynyň bardygyny aýtmak gerek.

“Aşgabat” – “Şagadam” – 1:1

Gollar: Güýçmyrat Annagulyýew 71 (11 m.j.u.) ― Baýramgeldi Nurlyýew 62 (11 m.j.u.).

Duýduryşlar: 82 Döwran Berdiýew (“Aşgabat”) – 70 Ata Geldiýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 100

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň