Arhiw

Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy

09:5127.04.2024
0
6389
Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy
Surat: asiaplustj.info

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen Watikana bardy. Ol Mukaddes Tagtyň binasynda Rim Papasy Fransisk bilen duşuşdy diýip, «Asiaplustj.info» habar berdi.

Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Rahmon Täjigistanda ähli dinleriň wekilleriniň agzybirlikde ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.

Soňra täjik Prezidenti Watikanyň Döwlet sekretary, kardinal Petr Parolini bilen duşuşdy. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyndan kanagatlanma bildirdiler. Şeýle-de ählumumy we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Rahmon Watikanyň muzeýine baryp, ol ýerdäki taryhy gymmatlyklary synlady hem-de myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň