Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow gyrgyz çempionatynda netijeli futbolçylaryň başyny çekýär

23:4720.10.2019
0
4808

Şu gün Gyrgyz Respublikasynda Premýer-Liganyň 24-nji tapgyrynyň çäginde paýtagt derbisi geçirildi. Has takygy, düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow hem çykyş edýän «Dordoý» «Algany» kabul etdi. «Alganyň» düzüminde ildeşimiz Rahmet Şermetowyň hem oýnaýandygyny ýatladýarys.

«Dordoýyň» metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşykda hasaby ilkinji bolup türkmenistanly hüjümçi W.Orazsähedow açdy. Onuň 15-nji minutda geçiren pökgüsi «Dordoýy» hasapda öňe çykardy. Birinji ýarymyň iň soňky minudynda ildeşimiz ýene bir gola goşant goşdy. Bu gezek W.Orazsähedowyň özüne geçiren pökgüsinden onuň topardaşy Mirlan Murzaýew tapawutlandy. Duşuşyk «Doroýyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen hem tamamlandy. Bu duşuşykdan soňra «Dordoý» utugyny 57-ä çykardy.

Şu günki duşuşygyň iň gowy oýunçysy bolan türkmenistanly hüjümçi bolsa 16 gol bilen iň netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orna çykdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň