Soňky habarlar

Arhiw

“Hoş zaman” 1 million jüýje öndürdi

23:2424.09.2019
0
11489

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Hoş zaman” hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ilkinji gezek 1 million jüýje çykaryldy

Degişli hasabat döwründe üç aýlyk ýaşyna ýeten towuklaryň 600 müňe golaýy alyjylara ýerlenildi. Azyk ulgamynda 15 ýyl bäri iş alyp barýan bu hususy türkmen kärhanasy öz mümkinçiliklerini we işiniň düýpli ýokarlandyrdy. Guşçulyk toplumynda ösdürilip ýetişdirilýän towuklaryň jüýjeleri geçen ýyl Germaniýadan we beýleki Ýewropa ýurtlaryndan getirildi. Towugyň bu görnüşi yssy we sowuk howa şertlerine tiz uýgunlaşyp bilýär.

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu guşçulyk toplumynda ýyllyk kuwwaty 2 million ýumurtga deň bolan inkubator hereket edýär. Bu inkubator Gollandiýanyň önümidir. Kärhanada jüýjeleri ösdürip-ýetişdirmäge niýetlenen ýerleriň 13 sanysy bolup, ol ýerlerde bir günlükden togsan günlüge çenli bolan guşlaryň 2 million sanysyny saklap bolýar.

“Hoş zaman” kärhanasy tarapyndan öndürilýän önümler içerki alyjylaryň 80 göterimini ýumurtga we towuklar bilen üpjün edip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň