Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda ýüze çykyp biläýjek ýertitremeleriň täsirini peseltmek boýunça işler alnyp barylýar

10:4021.09.2019
0
15607
Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda ýüze çykyp biläýjek ýertitremeleriň täsirini peseltmek boýunça işler alnyp barylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünde ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmik ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi ― diýip, TDH ýazýar.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, binalaryň hem-de desgalaryň seýsmiki howplulyk derejesini kesgitlemek we hasaba almak, şeýle hem ýüze çykyp biläýjek ýertitremeleriň täsirini peseltmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde degişli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan «Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek» hakyndaky maksatnama laýyklykda, häzirki wagtda Seýsmik ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan bilelikde seýsmik töwekgelçiligi peseltmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar, şol sanda binalaryň we desgalaryň seýsmiki täsirlere durnuklylygynyň barlag işleri geçirilýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna Seýsmik ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň ýerleşiş çyzgysyny we şekil taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini dolandyrmak meselesine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmagyň maksatnamasyny amala aşyrmak barada tabşyryklary bermek bilen, ýertitremeleriň öňüni almak we täsirini peseltmek babatda ilatyň habarlylygyny gowulandyrmagyň hem-de degişli düzümleriň kuwwatyny berkitmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmik ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň taslamasy bilen tanşyp, wise-premýere ony gutarnykly işlemegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň