Soňky habarlar

Arhiw

«Hanoýyň» baş tälimçisi: «Jogap duşuşygynda arassa we ýokary hilli futbol oýnamaga çalşarys»

19:2226.08.2019
0
5516

Şu gün Aşgabatda Wýetnamyň dört gezek çempiony «Hanoý» futbol klubynyň baş tälimçisi Çu Din Nghiemiň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onuň ýolbaşçylygyndaky topar ertir «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» bilen duşuşar. Bu duşuşyk AFK-nyň kubogy ― 2019-yň Interzolagynyň ýarym finalynyň çäginde geçiriler.

– «Altyn asyr» bilen Hanoýda geçirilen ilkinji duşuşyk sizde nähili täsir galdyrdy?

– Bu duşuşyk hem gowy, hem gyzykly, hem täsin oýun boldy diýip bilerin. «Hanoýda» hasaby has-da artdyrmaga juda köp mümkinçilik boldy, ýöne biz olardan netijeli peýdalanyp bilmedik.

– Siziň pikiriňizçe, ilkinji duşuşykda alnan netije toparyňyzyň ýaryşy dowam etdirmegi üçin artykmaçlyk berýärmi?

– Birinji duşuşykdan soň, iki toparyň hem mümkinçilikleri birmeňzeş. Ertirki duşuşykda mümkinçilikler 50-ä 50. AFK-nyň kubogynda biz ähli güýjümizi meýdanda sarp etmäge çalyşýarys. Eger ertir hem şeýle oýny orta goýup bilsek, bu Wýetnam futboly üçin ýakymly ýagdaý bolardy.

– Toparyň taýýarlygy näderejede? Şikesli futbolçylaryňyz barmy?

– Uzak ýoldan soň, biz üçin käbir kynçylyklar ýok däl. Howa ýagdaýy hem tapawutly. Şonuň üçin oýunçylarymyz doly taýýar diýip bolmaz. 15-nji belgili oýunçymyzdan bolsa şikes sebäpli ertirki duşuşykda peýdalanyp bilmeris.

– Aşgabada näçe sany daşary ýurtly futbolçy alyp geldiňiz we olar haýsy döwletlerden?

– Bizde üç sany daşary ýurtly futbolçy bar. Biri fransiýaly ― Papa Ibu Kebe, biri senegally ― Pap-Omar Faýe, ýene biri hem Mozes Oloýa. Ol Ugandadan.

– Olar toparda näçe wagtdan bäri çykyş edýär?

– Ugandaly futbolçy üç ýyldan bäri biziň toparymyzda. Senegally oýunçy bilen bolsa şu ýylyň başynda şertnama baglaşdyk. Fransiýaly futbolçy toparymyza Wýetnamyň çempionatynyň ikinji ýarymynda goşuldy.

– Birinji duşuşykda hüjüm futbolyny oýnadypdyňyz? Ikinji duşuşykda nähili oýun usulyny meýilleşdirýärsiňiz?

– Birinji duşuşykdan soňra käbir üýtgeşmeler bolar, ýöne uly däl. Ertir bize örän kyn duşuşyk garaşýar, ýöne biz bärybir öz oýun usulymyzy üýtgetmeris. Galyberse-de, birinji duşuşykdan soňra bizde garşydaş bilen nähili oýnamalydygy barada azda-kände tejribe bar. Geçen oýundaky ýalňyşlyklarymyzy düzedip, has gowy oýny orta goýmaga çalşarys.

– Jogap duşuşygyndan nähili netijä garaşýarsyňyz?

–Başga döwletde oýnamak hemişe kyn. Onsoň hem janköýerleriň goldawyndan ýaýdanýaryn. «Altyn asyr» öz janköýerleriniň goldawy bilen has gowy oýny orta goýup biler. Topar öz meýdanynda oýnaýar, ikinjiden bolsa ol örän güýçli garşydaş. Biz «Altyn asyr» birinji duşuşykdaky ýaly oýnamaz diýip pikir edýäris. Bu bolsa biziň üçin kyn bolar.

– «Hanoý» AFK-nyň kubogy ― 2019-yň öňüsyrasynda bu ýaryş üçin nähili maksat goýdy?

– Ilkinji maksadymyz ASEAN zolagynda ýeňiji bolmakdy. Muny başardyk. Indi has çynlakaý maksadymyz bar. Bizde indiki tapgyra çykmak üçin mümkinçilik hem ýok däl. Biz ähli ukybymyzy ýoly dowam etdirmäge bagyşlarys.

– Siziň toparyňyzdan näçe futbolçy Wýetnamyň ýygyndysynda oýnaýar?

– Häzir köp oýunçymyz milli ýygyndyda çykyş edýär. Edil häzirki wagtda 8 futbolçymyz ýygynda çagyryldy.

– Bize mälim bolşuna görä, toparyň käpitanynda ― 10-njy belgidäki futbolçyda hem şikes bar. Ol ertirki oýunda oýnap bilermi?

– Kapitanymyz birinji duşuşykda şikes aldy we bary-ýogy 35 minut oýnady. Ertirki duşuşyk üçin ol 70-80 göterim taýýar. Ertir ony meýdanda görüp bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň