Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy - 2019: "Merw" çärýek finalda!

23:1431.07.2019
0
11259

“Merw” toparynyň futbolçylary hiç bir gypynçsyz Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalyna çykmagy başardy diýip, TFF-niň resmi saýty ýazýar.

Birinji duşuşykda “Merw” garyşydaşyny 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Jogap duşuşygy hem Marynyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy (1:0).

Çärýekfinalda “Merw” topary ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” topary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary 14-15-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 18-nji sentýabrda geçiriler. Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklary öz meýdançalarynda geçirerler.

Çärýekfinalyň tertibi:

“Altyn Asyr” – “Nebitçi”/“Energetik” – “Aşgabat”

“Şagadam” – “Köpetdag”/“Ahal” – “Merw”

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň deslapky tapgyrynyň jogap duşuşygynyň netijesi:

“Türkmennebit” – “Merw” – 0:1

Gol: 11 Toýly Goçnazarow (“Merw”)

Tomaşaçy sany: 500

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň