Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-16 futbol ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna gatnaşar

15:1809.05.2019
0
11358

Düýn Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäherinde 16 ýaşa çenli futbol ýygyndylarynyň arasynda 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekilşigi geçirildi. AFK-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekilşige 47 döwletiň ýetginjekler ýygyndysy gatnaşdyryldy.

Düzgünnama görä, yklym ýaryşynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan ýygyndylar iki bölekde ýaryşar. Has takygy, 25 ýygyndy Günbatar, galan 22 ýygyndy Gündogar bölegi emele getirer. Şeýlelikde, Günbatar bölekde 6, Gündogar bölekde 5 toparça emele geldi. Günbatar bölekde ýaryşjak Türkmenistanyň 16 ýaşa çenli ýetginjekler topary Hindistanyň, Özbegistanyň we Bahreýniň ýygyndylary bilen “B” toparçany emele getirdiler. Toparçanyň duşuşyklary 18 – 22-nji sentýabr aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Häzir Türkmenistanyň 16 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysyna Batyr Şyhyýew tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň