"Dordoý" gyrgyz çempionatynda ýeňiş gazandy, Orazsähedowdan bir gol

15:3406.05.2019
0
3444

Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynda "Dordoý" şu möwsümde heniz utuk ýitirmedik "Neftçini" 3:0 hasabynda ýeňip, oýun artykmaçlygy bilen birinji orna geçdi. Duşuşykda türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow bir gezek tapawutlandy.

"Dordoýyň" metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykdaky ilkinji pökgini 33-nji minutda Ernist Batyrkanow geçirdi. Şeýlelikde, çempionatdaky ilkinji dört duşuşygynyň ählisinde garşydaşlaryndan üstün çykan "Neftçi" 417 minutdan soňra derwezesinde gol gördi. Ýöne "Dordoýyň" duşuşykdaky gollary munuň bilen çäklenmedi. 59-njy minutda Kaýrat Žyrgalbeku uulu we 91-nji minutda biziň ildeşimiz Wahyt Orazsähedow hem tapawutlanyp, hasaby 3:0-a ýetirdiler. Duşuşygyň soňky sekuntlarynda W.Orazsähedowa şu duşuşykda ikinji gezek tapawutlanmaga-da mümkinçilik döredi, ýöne muňa garşydaş derwezäniň sütüni ýol bermedi.

"Dordoý" çempionatdaky indiki duşuşygyny 11-nji maýda Kant şäherinde "Abdyş-Ata" bilen geçirer

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň