Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Täjigistanyň «Istiklolynda» gözden geçirilýär

19:1330.01.2019
0
4150

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi, ýurdumyzyň «Altyn asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Ýedigen» ýaly futbol toparlarynda çykyş eden 26 ýaşly futbolçy Süleýman Muhadow şu günler Täjigistanyň çempiony «Istiklolyň» düzüminde synag duşuşyklaryny geçirýär. Toparyň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmenistanly futbolçy «Istiklolyň» Antalýadaky türgenleşiklerine hem gatnaşýar.
Düýn, 29-njy ýanwarda «Istiklol» Gazagystanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Tobol» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 2:1 hasabynda Gazagystanyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlanan duşuşykda Süleýman Muhadow esasy düzümde meýdana çykyp, duşuşygyň birinji ýarymyna gatnaşdy. Ikinji ýarymda bolsa onuň ornuny Ehsoni Pançşanbe aldy. Süleýman Muhadow «Istikloldaky» duşuşyklaryny «21» belgili köýnekdeçe geçirýär.
Häzirlikçe, AFK-nyň kubogynda ýurdumyzyň «Altyn asyry» bilen bir toparçada görkezilýär. Ýöne soňky ýyllarda halkara ýaryşlarynda özüni ykrar etdirip, AFK-nyň sanawynda öňdäki orunlara çenli çykmagy başaran täjik topary şu ýyl Aziýanyň Çempionlar ligasyna hem synanyşyp görer. Yklymyň klublar derejesindäki iň ýokary ýaryşyna «Istiklol» saýlama tapgyrdan gatnaşar. Olaryň ilkinji garşydaşy bolsa Özbegsitanyň AGMK topary. Synagdan üstünlikli geçip, tälimçileriň ýokary bahasyna mynasyp bolup bilse, biziň ildeşimize Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda, belki-de, yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň özünde çykyş etmäge mümkinçilik dörär.
Süleýman Muhadow milli ýygyndymyzyň düzüminde Aziýa kubogy ― 2019-a hem gatnaşdy. Ýöne ol duşşuyklaryň birinde-de meýdana çykmady. Käbir çeşmelerde milli ýygyndymyzyň sag gyraky goragçysy Serdar Annaorazowyň hem şu günler Özbegistanyň çempiony «Lokomotiw» futbol toparynyň düzüminde gözden geçirilýändigi aýdylýar. Gyrgyzystanyň çempiony ― AFK-nyň kubogynda türkmen futbolçylarynyň topardaşy «Dordoý» hem türkmen futbolçylaryna isleg bildirýär. Geçen möwsümiň birinji ýarymynda «Dordoýda» futbol oýnan ildeşimiz Amir Gurbanynyň özüni gyrgyz janköýerlerine söýdürip bilendigi okyjylarymyzyň ýadyndadyr.
«Istiklol» Antalýadaky indiki ýoldaşlyk duşuşygyny 31-nji ýanwarda Bosnýa we Gersogowinanyň «Çelik» futbol topary bilen geçirer. Süleýman Muhadowyň bu duşuşykda hem ýaşyl meýdanda bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň