Soňky habarlar

Arhiw

Marçello Lippi Eýranyň ýygyndysyndan utulyşdan soň wezipesinden boşadyldy

05:2626.01.2019
0
4518

Hytaý Halk Respublikasynyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Marçello Lippi BAE-de geçirilýän Aziýa kubogy ― 2019-yň çärýek finalynda Eýranyň ýygyndysyndan uly hasap bilen utuluşdan soň, wezipesinden boşadyldy. Hytaý ýygyndysynda 2016-njy ýylyň 22-nji oktýabryndan bäri işleýän hünärmen baradaky bu täzeligi FIFA-nyň metbugat gullugy habar berdi.
― Bu duşuşykdan soňra, meniň Hytaýyň ýygyndysy bilen baglaşan şertnamam soňlandyryldy. Meniň üçin Hytaýyň ýygyndysyna tälim bermek belent mertebedi. Men elimden gelen ähli zady gaýgyrmadym. Gyzgyn goldaw üçin janköýerlere we meni ähli goldanlara hoşallyk bildirýärin ― diýip, FIFA-nyň metbugat gullugy italiýaly tälimçiniň aýdanlaryny getirýär.
Marçello Lippi Hytaýyň ýygyndysynda işlän döwri ýyllyk 20 million ýewro gazandy. 70 ýaşly tälimçiniň şu ýyl öz karýerasyny dolulygyna ýapmagyna garaşylýar. Marçello Lippi Italiýanyň 2006-njy ýylda dünýä çempiony bolan milli ýygyndysynyň baş tälimçisidi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň