Annadurdyýewiň pokeri bilen "Altyn asyr" "Şagadamy" ýeňdi

23:5814.10.2018
0
5140

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynda “Altyn Asyryň” oýunçysy Altymyrat Annadurdyýewyň “Şagadamyň” garşysyna geçirilen duşuşykda biri-birinden owadan toplaryň dördüsini geçirmegi, toparynyň ynamly ýeňiş gazanmagyna mümkinçiklik berdi. 5:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Altyn Asyryň” beýleki bir topuny Mekan Aşyrow öz adyna ýazdyrdy.

Gazanan ýeňşinden soň “Altyn Asyr” ýaryş tertibiniň birinji ornunda barýan “Ahal” bilen utuk aratapawudyny ikä çenli azaltdy. 18-nji oktýabrda geçiriljek 22-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “Köpetdag” bilen duşuşýan “Altyn Asyryň” birinji orna geçmäge gowy mümkinçiligi bar.

Bu tapgyryň beýleki duşuşygynda “Nebitçi” myhmançylykda “Mewden” 2:1 hasabynda üstün çykyp, 5-nji orny eýelemek mümkinçiligini artdyrdy.

 

24-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 5:0

Gollar: Mekan Aşyrow 18, Altymyrat Annadurdyýew 26, 56, 68, 75 (“Altyn Asyr”)

Duýduryş: Selim Nurmyradow 76 (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş)

Tomaşaçy sany: 200

 

 “Merw” – “Nebitçi” – 1:2

Gollar: Perman Hallyýew 90+5 (“Merw”) – Myratberdi Berenow 67, Yhlas Magtymow 87(“Nebitçi”)

Duýduryşlar: Guwanç Ýagmyrow 66 (“Merw”) – Ylýas Toýjanow 28, Ilýa Kirilenko 58 (“Nebitçi”)

Geçirilýän ýeri: “Sport desga” stadiony (Mary wel. Baýramaly etr.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: S.Ýaryýew (Türkmenabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň