Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi

12:1827.04.2024
0
14849

25-26-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ankara şäherine iş sapary amala aşyryldy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkiýäniň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Akçaparyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Özara gatnaşyklaryň çäklerinde iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti beýan edildi.

Energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy.

Agzalanlar bilen bir hatarda, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

26-njy aprelde Türkiýäniň DIM-niň binasynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň ikinji tapgyry geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, şeýle hem türk wekiliýetine Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türki dünýäsiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň Baş müdiri G.Turan ýolbaşçylyk etdi.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-ni öz içine almak bilen sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň aýratyn ugrlarynyň biri hökmünde medeni-ynsanperwer çygyrdaky hyzmatdaşlygy kesgitlediler. Şol bir wagtyň özünde bilimde, ylymda we medeniýetde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegine aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň