Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar läheňleriň «dilini» öwrendiler

16:3609.05.2024
0
9964

Alymlar Dominikananyň kenarlarynda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde kaşalot kitleriniň diline düşünmegi başardylar diýip, «24KZ» habar berýär.

Täze barlaglar läheňleriň gepleşik ulgamynyň öň pikir edilişinden has çylşyrymlydygyny görkezdi. Mysal üçin, läheň görnüşlileriň her topary öz dilinde gepleşýärler, olaryň dili özboluşly sesleriň we fonetiki elipbiýiň jeminden ybaratdyr. Kaşalotlar Morzeniň elipbiýine meňzeş bolan ses-şyrkyldylaryň kömegi bilen sözleşýärler.

Şunda her taýpanyň öz şiwesi bar. Kaşalotlaryň özara söhbediň dowamlylygyny üýtgedýändigi hem-de sözüň ahyrynda adamyň sözleýşindäki ýaly artykmaç goşulma goşýandygy belli boldy.

Ylmy-barlaglar emeli aňyň kömegi bilen geçirildi. Munuň üçin 60 sany läheňiň ses ýazgysy diňlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň