Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Miýagi prefekturasynyň häkimiýetleri ýerli guşçulyk fermalarynyň birinde saklanýan 170 müň sany towukda guş dümewiniň bardygyny anykladylar. Bu barada TASS habar berdi.
Habarda olaryň ählisiniň ýok ediljekdigi aýdylýar.
Her ýyl Ýaponiýada güýzden ýaza çenli aralykda millionlarça towuk guş dümewi sebäpli ýok edilýär. 2023-nji ýylda bu kesel towuklaryň 15 milliondan gowragynda ýüze çykaryldy.