Ertir Türkmenistanda «Gorkut ata» Halkara kinofestiwaly öz işine başlaýar.
Festiwalyň açylyş dabarasy Aşgabadyň «Mukamlar köşgünde» günüň ikinji ýarymynda geçiriler. Şol günüň birinji ýarymynda kinoforumyň myhmanlary we gatnaşyjylary üçin Änewiň taryhy ýerleri boýunça gezelenç guralar, şeýle hem olar türkmen paýtagtynyň gözel ýerlerine tanyşlyk syýahatyny amala aşyrarlar.
Festiwal 15-nji noýabra çenli dowam eder. Onuň çäklerinde TÜRKSOÝ guramasynyň agza döwletleriniň kinematografistleriniň duşuşygy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Iki günüň dowamynda «Aşgabat» kinoteatrynda we «Türkmenistan» hem-de «Watan» kino-konsert merkezlerinde festiwalyň bäsleşige gatnaşýan filmleriniň görkezilişleri geçiriler.
Forumyň myhmanlary şeýle hem «Magtymguly Pyragy» seýilgäh toplumyna, türkmen jigitleriniň gatnaşmagynda sirk çykyşlaryna tomaşa ederler we beýleki ýerlere syýahatlary amala aşyrarlar.