Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady

06:5009.05.2024
0
7116

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkodan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! 9-njy maý ýurtlarymyzyň egin-egne berip, faşizme garşy göreşen hem-de geljek nesilleriň parahat durmuşyny, erkinligini gazanan halklaryny jebisleşdirýän senedir. Biziň halklarymyzyň jebisligi bu Ýeňşi gazanmaga mümkinçilik berdi. Watanymyzyň gahrymanlarynyň görkezen gaýduwsyzlygy we mertligi hakydamyzda hemişelik galar. Biz olaryň öňünde borçludyrys, olaryň edermenligi baradaky ýagşy ýatlamalary kalbymyzda saklap, şeýle pajygaly wakalaryň gaýtalanmagyna ýol bermeli däldiris.

Belarusuň we Türkmenistanyň halklarynyň uruş ýyllarynyň agyr synagyndan geçen dost-doganlygynyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin!» diýip, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko iberen gutlag hatynda ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň