Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň dowam edýän möwsümindäki ikinji ýeňşini gazandy. Topar 13-nji tapgyryň çäginde Marynyň «Merwini» kabul edip, 2:0 hasabynda üstün çykdy.
«Merwi» möwsümdäki altynjy utulyşyna uçradan duşuşykda «Köpetdag» iki goluny hem soňky 20 minudyň dowamynda geçirdi. 73-nji minutda Batyr Täçnazar tapawutlanan bolsa, 84-nji minutda Süleýman Mirzoýew gazanylan ýeňiş has berkitdi.
Gazanylan ýeňiş «Köpetdagy» azda-kände bolsa-da umytlandyrdy. Utugyny 9-a çykaran topar «Nebitçi» bilen aralygy 3 utuga çenli ýygyrdy.
18 utukda galan «Merw» bolsa dördünji basgançakdaky ýerini goran hem bolsa, öňdäki üçlükden utuk babatynda üzüldi. Indi ikinji we üçünji orunlary paýlaşýan «Ahal» hem-de «Altyn asyr» bilen «Merwiň» aralygynda 6 utuklyk tapawut bar.
Ähli duşuşyklary 11-nji maýda geçiriljek 14-nji tapgyrda «Köpetdag» «Şagadamyň» myhmany bolar, «Merw» bolsa Mary derbisinde «Energetigi» kabul eder.