Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy – 2018: “Altyn asyr” Hindistandan ýeňiş bilen dolanýar

10:3023.08.2018
0
5052

Ýurdumyzyň futbol boýunça milli birinjiliginiň bassyr dört ýyldan bäri çempiony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol topary düýn Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda nobatdaky ýeňşini gazanyp, janköýerlerini begendirdi. Türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek toparçadan çykmagy başaran futbolçylarymyz interzolak ýarym finalda (umumy ýaryşyň çärýek finaly) Hindistanda ýerli “Bengaluru” topary bilen duşuşyp, garşydaşlaryny 3:2 hasabynda ýeňdiler we 29-njy awgustda Balkanabatda geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandylar.
“Bengaluru” Hindistanyň iň ýaş toparlarynyň birigine garamazdan, örän çalt ösen, häzirki wagtda bolsa ýurduň çempiony bolmagy başaran topardyr. Ol edil “Altyn asyr” ýaly yklym ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.
Türkmen janköýerlerini ganatlandyran duşuşyk ýakymly habar bilen başlamady. Eýýäm 9-njy minutda “Altyn asyryň” ýarym goragçysy Myrat Ýagşyýew şikes alyp, oýundan çykmaga mejbur boldy. Meýdana onuň ornuna Furkat Tursunow girdi. Ýöne tapawutlanmaga iň ýakyn futbolçylaryň biriniň oýundan çykmagy ildeşlerimiziň yhlasyna badak salmady. Oýunçy çalşygyndan 2 minut soňra “Altyn asyr” hasapda öňe çykdy. “Aragatnaşykçylaryň” pökgüsini hüjümçi Wahyt Orazsähedow topardaşy Selim Nurmyradowyň özüne geçiren pökgüsini derwezä dürs gönükdirmegiň hötdesinden geldi.
Hasapdaky üstünlik türkmen futbolçylaryny duşuşygy ruhubelentlik bilen dowam edip, ýeňşe ynanmaga iterdi. 25-nji minutda ýer eýeleri derwezesinde ikinji pökgini hem gördüler. Bu gezek Wahyt Orazsähedow hasaby artdyran urgynyň owadan pasyny berdi, pökgini derwezä bolsa Altymyrat Annadurdyýew gönükdirdi. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymy ildeşlerimiziň 2:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. Ýaponiýaly eminiň diňe birinji ýarymda üç futbolça sary duýduryş kartyny görkezmegi bolsa, duşuşygyň juda dartgynlydygyndan habar berýär. Birinji ýarymdaky duýduryşlaryň biri 29-njy minutda “Altyn asyryň” goragçysy Zafar Babajanowa berildi.
Ikinji ýarymyň birinji, duşuşygyň bolsa umumylykdaky 46-njy minudynda “aragatnaşykçylar” üçünji pökgüsini hem geçirdiler. Hasabyň artmagyna ýene-de Annadurdyýew – Orazsähedow sazlaşygy sebäp boldy. Altymyradyň özüne ussatlyk bilen geçiren pökgüsini edil şeýle ussatlyk bilen derwezä gönükdiren Wahyt Orazsähedow duşuşykda özüniň ikinji, toparynyň bolsa üçünji pökgüsini geçirdi. Şondan soň duşuşygyň dartgynlylygy artyp, 52-nji minutda eminiň ýer eýelriniň üçünji futbolçysyna sary kart görkezmegine çenli geldi. Töwekgelçilik edip, bar ünsüni hüjüme jemlän “Bengalurunyň” futbolçylaryahyrsoňy 63-nji minutda maksada ýetdiler. Rahul Bhekeniň geçiren pökgüsinden soň hasap 1:3-e öwrüldi. Ýeňiş üçin dörän mümkinçiligi elden gidermezligiň meýli bilen, “aragatnaşykçylaryň” baş tälimçisi hem düzümde käbir üýtgeşmeleri girizdi. 65-nji minutda Selim Nurmyradow, 75-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew oýundan alnyp, olaryň ornuna Mihail Titow bilen Welmyrat Ballakow meýdana girdi. Şeýle-de bolsa, ýer eýeleri duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 2 minut galanda, “aragatnaşykçylaryň” derwezesine ýene bir pökgi geçirdiler. Emma olara hasaby deňläp, Balkanabatdaky duşuşyk üçin umydy artdyrmaga mümkinçilik bolmady. Duşuşyk 2:3 hasabynda “Altyn asyryň” ýeňşi bilen tamamlandy. Munuň özi türkmen sporty üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Eger “aragatnaşykçylar” şu rüstem oýny 29-njy awgustda hem gaýtalap bilseler, olar ýaryşda has hem öňe ilerläp, ýarym finalda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.
  
AFK-nyň kubogy – 2018, interzolak ýarym final

22-nji awgust, 2018-nji ýyl, Hindistanyň Bangalor şäheriniň Sri Kantirawa stadiony

“Bengaluru” (Hindistan) – “Altyn asyr” (Türkmenistan) 2:3
Pökgi geçirenler: Rahul Bheke 63, Erik Paartalu 88 – Wahyt Orazsähedow 11, 46, Altymyrat Annadurdyýew 25.

“Bengaluru”: derwezewan – G.Singh Sandhu 1, goragçylar – R.Anto 13, R.Bheke 2, Huanan 5, N.Kumar 22, ýarym goragçylar – U.Singh 21, H.Hernandez 9, E.Paartalu 16, B.Haokip (71, K.Lýuis 9) 17, hüjümçiler – Miku 7, S.Çetri 11.
Baş tälimçi: A.Roka.

“Altyn asyr”: derwezewan – M.Orazmuhammedow 1, goragçylar – S.Annaorazow 12, Ş.Söýünow 3, M.Saparow 4, Z.Babajanow 2, ýarym goragçylar – S.Geldiýew 29, R.Hojaýew 21, M.Ýagşyýew 11 (9, F.Tursunow 18), S.Nurmyradow 10 (65, M.Titow 30), A.Annadurdyýew 7 (75, W.Ballakow 27), hüjümçi – W.Orazsähedow 39.
Baş tälimçi: Ý.Hojageldiýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň