Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: "Altyn asyr" ýene liderlige dalaş edýär

23:5604.08.2018
0
4692

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyry bilen üçünji aýlawa badalga berildi. Bu tapgyryň ikinji gününde paýtagtymyzda geçen ýylyň çempiony “Altyn Asyr” topary “Köpetdagy” kabul etdi. “Aragatnaşykçylaryň” doly artykmaçlygynda geçen duşuşyk 3:0 hasabynda tamamlandy. “Altyn Asyra” ýeňiş getiren toplaryň ilkinjisini Mihail Titow öz adyna ýazdyrdy. Toparyň täze transferi Wahyt Orazsähedow hem netijeli urgularyň ikisini geçirmegi başardy.

Üçünji aýlawyň öňüsyrasy Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren “Balkan” topary Kubok ugrundaky ynamly çykyşyny çempionatda hem dowam etdirdi. Balkanabatda paýtagtymyzyň “Aşgabat” toparyny kabul eden ýer eýeleri 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar. Bu duşuşykdaky bir topy adyna ýazdyran Şamämmet Hydyrowyň Ýokary liganyň oýunlarynda ilkinji gezek meýdana çykandygyny aýratyn bellemek gerek. 17 ýaşly oýunçy duşuşykdaky üçünji topy geçirmegiň hötdesinden geldi. Şu günki geçirilen duşuşykda “Köpetdagyň” düzüminde çykyş eden 17 ýaşly Ruslan Priýew hem Ýokary ligadaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Şu ýerde ýaş oýunçylarymyzyň ýokary derejede çykyş edendigini aýratyn bellemek gerek. Halkara ýaryşlarynyň bosagasynda duran ýaşlar ýygyndymyzyň oýunçylarynyň gözegelüwli oýun görkezendikleri az begendirmeýär.

15-nji tapgyryň çäginde Türkmenbaşyda geçirilen ýerli “Şagadam” bilen “Energetigiň” arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň 34 utugy bolan “Ahal” birinji orny eýeleýär. Gazanan ynamly ýeňşinden soň “Altyn Asyr” “Ahal” bilen aratapawudyny 2 utuga çenli (32 utuk) azaltdy. 26 utugy bolan “Şagadam” üçünji orny eýeleýär.

15-nji tapgyryň netijeleri:

“Balkan” – “Aşgabat” – 3:0

Gollar: Akmämmet Metdäýew 29, 81, Şamämmet Hydyrow 73 (“Balkan”)

Duýduryşlar: Azat Garajaýew 17, Muhammet Astanow 40, Azat Rahmanow 46, Yhlas Magtymow 71 (“Balkan”) – Süleýman Orazow 17, Suražetdin Jumaniýazow 37, Dawid Sarkisow 44 (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 500

 

 “Şagadam” – “Energetik” - 0:0

Duýduryşlar: Aşyrgeldi Saryýew 70 (“Şagadam”) – Farhat Italmazow 18 (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: Raşit Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy: 200

 

“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 3:0

Gollar: Mihail Titow 12, Wahyt Orazsähedow 64, 76 (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: Begmyrat Ballakow 64, Altymyrat Annadurdyýew 76 (“Altyn Asyr”) – Serdar Baýramow 40 (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy: 300

Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň