Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» — «Ahal» duşuşygynda Türkmenistanyň çempiony ilkinji gezek utulyşa sezewar boldy

23:5518.04.2018
0
4527

Türkmenistanyň Futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynyň bassyr dört ýylky çempiony paýtagtymyzyň «Altyn asyr» futbol topary täze möwsümdäki ilkinji utulyşa sezewar boldy.  Diller merkeziniň futbol meýdanynda geçirilen 2-nji tapgyryň senesi üýtgedilen duşuşygynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri «Ahaldan» 0:1 hasabynda ýeňildiler. Duşuşygyň ykbalyny çözen goly 47-nji minutda «Ahalyň» ýarym goragçysy Myrat Annaýew geçirdi.
Mundan bir hepde ozal bu iki topar biri-biri bilen AFK-nyň kubogynyň üçünji tapgyrynyň çäginde hem duşuşypdylar. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirilen bu duşuşyk 0:0 hasabyndaky deýlik bilen tamamlandy.
Bu gezekki duşuşykda pökgi, köplenç, «aragatnaşykçylarda» boldy. Howply pursatlary döretmekde-de olar öňe saýlandylar. Ýöne birinji ýarymda Gurbangeldi Batyrow, Altymyrat Annadurdyýew, Myrat Ýagşyýew, ikinji ýarymda bolsa Gurbangeldi Batyrow bilen Mihail Titow özleri üçin dörän mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmediler. Oňa derek, howply pursatlary az döreden hem bolsa, şol pursatlaryň birinden netijeli peýdalanan «Ahal» duşuşygyň öz ýeňşi bilen tamamlanmagyny gazandy. Ikinji ýarymyň 2-nji, duşuşygyň bolsa 47-nji minudynda Myrat Annaýewiň derwezä depen pökgüsi ýolugra goragçylaryň birine degip, ugruny üýtgetdi-de «aragatnaşykçylaryň» derwezewanynyň nazaryndan sypdy we derwezä girdi.
Bu ýeňişden soň utugyny 11-e çykaran «Ahal» ýaryş tertibiniň birinji ornuna geçdi. «Altyn asyr» bolsa 9 utuk bilen dördünji orna düşdi.
Milli birinjiligimiziň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 21-nji aprelde geçiriler. Şol gün «Balkan» «Köpetdagy», «Aşgabat» «Şagadamy», «Merw» «Altyn asyry» kabul eder. Tapgyrdaky «Energetik» — «Ahal» duşuşygy bolsa 23-nji maýa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň