Arhiw

Taýwan Aziýa kubogy — 2019-yň saýlama tapgyrynyň iň soňky duşuşygynda Singapury ýeňdi

21:4227.03.2018
0
5057

Duşuşyk Taýwanyň milli ýygyndysynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen futbolçylarynyň saýlama tapgyrdaky topardaşlarynyň özara duşuşygynda 37-nji minutda ýer eýeleriniň kapitany Çen Po-Lýan tapawutlandy. Duşuşyk Taýbeý şäheriniň Munisipal stadionynda geçirildi.
Şeýlelikde, Taýwanyň futbol ýygyndysy öz meýdanynda ýeňiş gazanmak rekordyny täzeledi. Biziň milli ýygyndymyzyň mundan ozalky saýlama tapgyrynda topardaşy bolan Guamyň ýygyndysyna tälim beren angliýaly 43 ýaşly hünärmen Gari Uaýtyň ýolbaşçylygynda , taýwanly futbolçylar öz meýdanynda yzygider 6 duşuşykda ýeňiş gazandylar.
Iki toparyň arasynda Singapurda geçirilen duşuşyk hem Taýwanyň futbolçylarynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Ýöne toparlaryň ikisi hem 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmak hukugyny ýitirdiler. 
«E» toparçadan yklym ýaryşyna Türkmenistanyň hem-de Bahreýniň ýygyndylary gatnaşarlar. Şeýlelikde, toparçany Bahreýniň ýygyndysy 13 utuk bilen birinji, türkmen futbolçylary 10 utuk bilen ikinji, 9 utukly Taýwanyň ýygyndysy üçünji, 2 utuk ýygnap bilen singapurly futbolçylar dördünji orunda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň