Soňky habarlar

Arhiw

„Istiklol“ şu ýyl türkmen futbolçylarynyň AFK-nyň kubogynda iň kän duşuşan topary bolar

23:5707.03.2018
0
6830

AFK-nyň kubogy – 2018 halkara ýaryşynyň „D“ toparçasyndaky ilkinji duşuşykda öz meýdanynda „Türkmennebitönümleri“ baş müdirliginiň „Ahaly“ bilen duşuşyp, 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan Täjigistanyň „Istiklol“ futbol topary bu yklym ýaryşynda biziň futbolçylarymyzyň kän garşylan toparlarynyň ilkinji üçlügine girdi.

Ýeri gelende aýtsak, yklymyň ikinji derejeli futbol ýaryşynda biziň ildeşlerimiz Täjigistanyň topary bilen 7 duşuşyk geçirdiler. Şolaryň 5-si „Istiklol“ bilen geçirilen duşuşyklardyr. Şol duşuşyklarda täjik toparyny ýeňmek entek biziň ildeşlerimize başardanok.

Şeýlelikde, „Istiklol“ bu ýaryşda türkmen futbolçylary bilen iň kňn duşuşan toparlaryň hataryna girdi. Eger „Istiklol“ biziň toparlarymyz bilen şu wagta çenli 5 gezek duşuşan bolsa, ikinji orundaky Liwanyň „Al-Nejmeh“, Iordaniýanyň „Al-Faisaly“ toparlarynyň türkmenistanly wekiller bilen 6, Gyrgyzystanyň „Dordoýynyň“ 7 duşuşygy bar. „Istiklolyň“ şu ýyl „Ahal“ bilen bir, „Altyn asyr“ bilen iki duşuşygynyň bardygyny ýatlatsak, tomsa çenli topar bu sanawda birinji orna geçip biler.

Ýeri gelende aýtak, soňky üç ýylda iki gezek finala çykan „Istiklol“ bu ýaryşda 30 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 5-siniň türkmen toparlary bilen geçirilendigi hem özüneçekiji maglumatdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň