Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionyna çykdy

22:2802.03.2018
0
11741

Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň deslapky tapgyrynda ynamly ýeňiş gazandy. Çempionatyň ähli oýunlary Saraýewonyň (Bosniýa we Gersogowina) “Dzetra” buzly meýdançasynda geçirildi.

Biziň ýygyndymyz we ýer eýeleri soňky oýna iň gowy görkezijiler bilen geldiler – olaryň her biri BAE-niň we Kataryň toparlaryndan üstün çykyp, 6 utuk gazandylar.

Şu duşuşygyň ýeňijisi deslapky ýaryşda birinji ýere mynasyp bolýardy we dünýä çempionatynyň diwizionyna ýeke-täk ýollanmany alýardy.

Oýnuň birinji böleginde biziň toparymyz, öňki duşuşyklarda bolşy ýaly, örän hyjuwly hereket etdi. Derwezä urlan hokkeý toplary boýunça biziň toparymyz garşydaşlaryndan has öňe saýlandy. Ýöne, esasy görkeziji boýunça, ýagny hokkeý toplaryny derwezeden geçirmekde ýer eýelerine şowlulyk ýaran boldy.

Duşuşygyň dördünji minutynda Bosniýanyň we Gersogowinanyň ýygyndysy hasaby açdy, şondan iki minut geçenden soň ýene-de bir hokkeý topuny derwezeden geçirdi. Biziň hokkeýçilerimiz hasaby deňlemäge çalyşdylar we duşuşygyň sekizinji minutynda Döwlet Söýünow toparymyzyň köplük bolup oýnaýanyndan peýdalanyp, birinji topy derwezeden geçirmegi başardy.

Ýöne birinji bölegiň ortalarynda garşydaşlaryň topary hasaby ýene-de iki topa çenli artdyrdy, şeýlelikde, hasap 1:3 boldy. Biziň ýygyndymyz duşuşygyň birinji böleginde hasaby deňlemäge çalyşsa-da, bosniýalylaryň derwezebany ähli urgulary yza gaýtarmagy başardy.

Ikinji ýigrimi minutlykda biziň ýygyndymyz garşydaşlarynyň derwezesiniň öňünde has şowly çykyş etdi. Duşuşygyň ikinji böleginiň ýedinji minutynda hasap deňleşdi. Biziň oýunçymyz Ahmet Gurbanow iki gezek tapawutlanmagy başardy. Özi-de, ol birinji hokkeý topuny biziň toparymyz azlykda oýnanda geçirdi.

Duşuşygyň 31-nji minutynda Türkmenistanyň ýygyndysy Amangeldi Aganyýazowyň we Dmitriý Sawiniň dürs urgusy netijesinde öňe saýlanmagy başardy.

Oýnuň 38-nji minutynda Arslan Geldimyradow hasaby has-da artdyrdy. Şeýlelikde, biziň toparymyz duşuşygyň şu böleginde ussatlyk görkezip, hasaby 6:3-e ýetirdi.

Duşuşygyň soňky böleginde biziň toparymyz has-da öňe saýlanmagy başardy. Bosniýanyň we Gersogowinanyň ýygyndysyna jogapsyz ýedi hokkeý topy geçirildi. Ilki bilen, Pawel Barkowskiý hasaby 7:3-e ýetirdi, soňra biziň oýunçylarymyz Ewald Gaýer, Işan Weliýew hem-de Döwlet Söýünow tapawutlandylar.

Soňra Bosniýanyň we Gersogowinanyň ýygyndysynyň tälimçisi derwezebany çalyşdy, ýöne munuň özi netije bermedi. Aleksandr Wahowskiniň, Pawel Barkowskiniň we Begenç Döwletmyradowyň geçiren hokkeý toplarynyň netijesinde hasap 13:3 boldy. Şeýlelikde, biziň ildeşlerimiz şu duşuşykda hem-de tutuş ýaryşda ynamly ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň ýygyndysy mümkin bolan 9 utukdan 9 utuk gazanmagy başardy. Oýunçylarymyzyň derwezeden geçiren we goýberen hokkeý toplarynyň tapawudy 41-5 boldy. Türkmen hokkeýçileri şahsy görkezijiler boýunça hem ýaryşyň öňdeligini eýelediler. Döwlet Söýünowyň we toparymyzyň kapitany Ahmet Gurbanowyň her biri 6 top geçirip, ýaryşda iň gowy netije gazandylar. Ahmet şeýle hem “gol+pas” babatda hem öňe saýlanyp, 12 utuk gazandy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionyna geçmegi başardy we 2019-njy ýylda şu diwizionda oýnap, dünýä hokkeýiniň naýbaşy toparlarynyň hataryna goşulmak babatda ýene-de bir ynamly ädim ätdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň