Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn Asyr” taýýarlyk işlerini Türkiýede geçirýär

23:5010.02.2018
0
5332

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary öňümizdäki möwsüme taýýarlyk işlerini Türkiýede geçirýär.

Diýarymyzyň bassyr dört gezek çempiony halkara okuw-ýygnanyşygynyň çäginde Russiýanyň futbol çempionatynyň birinji ligasynyň wekili “Olimpýes” topary bilen duşuşdy.

Antalýa şäheriniň Lara etrabynyň “Mirakl” myhmanhanasynyň futbol meýdanynda geçen ýoldaşlyk duşuşygy 1:0 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.

“Altyn Asyr” topary öňümizdäki möwsüme AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklary bilen başlar.

Ýoldaşlyk duşuşygy

10.02.2018

Türkiýe, Antalýa (Lara)

“Altyn Asyr” (Türkmenistan) – “Olimpiýes” (Russiýa, Nižniý Nowgorod) – 1:0

Gol: ’38 Murat Ýakşiýew

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň