Türkmenistan özüniň tranzit geçirijiligini ýokarlandyrýar

10:3408.01.2018
0
12310

Hytaýyň dürli prowinsiýalaryndan bir günüň dowamlylygynda giden ähli 3 poýuz Türkmenistanyň territoriýasyndan Eýranyň Tegeran şäherine gitmek üçin geçer. Olaryň birinjisi 28-nji dekabrda günorta Hunan prowinsiýasyndaky Çanşa şäherinden gidip, düýn, 7nji-ýanwarda Gazagystanyň we Türkmenistanyň serhedinden geçdiler. Indi Balkan regionyndan 825 km ýol geçmegine garaşylýar, ýagny Serhedaýakdan Akýaýla çenli. ( Bu ýoly geçmek üçin 17 sagat sarp edilip, soňra Eyranyň territoriýasyna geçmek göz öňüne tutulýar.) 2-nji ýük poýuzy 29-njy dekabrda HHR-yň Inçuan awtanom ülkesinden, 3-nji ýük poýuzy bolsa, Şansiniň demirgazygy bolan Siandan ugrady. Transport ulgamlarynyň söwda, bazar konýukturasy öwrenilip, Türkmenistanyň içi boýunça iki ýol göz öňüne tutulýar : Demirgazyk-Günorta ugur boýunça Serhetýaka duralgasyndan Akýaýla çenli, ol ýerden hem Eýranyň demirgazygyna tarap, soňra ( ikinji ýol) Günbatar - Gündogar ugur boýunça Serhetýakadan Sarahsa çenli, ol ýerden hem Eýranyň Günorta-Günbataryna tarap uzaýar. Ikinji ýoluň alnyp barylşy 2016-njy ýylyň fewralynda üstünlikli amala aşyryldy. Bellik: Habarlar orient.tm saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň