Soňky habarlar

Arhiw

"Talyp sporty" Türkmenistanyň futzal boýunça çempiony boldy

17:0522.12.2017
0
9495

Futzal boýunça paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň aýgytlaýjy duşuşygynda “Ak bugdaýdan” 11:2 hasabynda üstün çykan  “Talyp Sport” topary çempionlyk derejesini gazandy. Ýarymfinalda hem-de finalda netijeli urgularyň 19-syny geçiren paýtagtymyzyň toparynyň geçiren duşuşyklarynda çempiona mahsus oýny görkezendigini aýratyn bellemek gerek. Esasyny futzal boýunça milli ýygyndymyzyň oýunçylary düzýän “Talyp Sport” toparynyň ýakynda tamamlanan Aşgabat şäheriniň Açyk çempionatynda ikinji orny eýeländigini ýatladýarys. Paýtagtymyzyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi “Galkan” topary Türkmenistanyň çempionatynda medal gazanyp bilmedi. “Galkanyň” futbolçylary 3-nji orun ugrunda geçirilen duşuşykda “Migrasiýa” toparyndan 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldular — diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Çempionatyň dowamynda netijeli urgularyň 8-sini geçiren “Talyp Sport” toparynyň ezber oýunçysy Mülkaman Annagulyýew “Iň köp top geçirenleriň” bäsleşiginde öňdäki orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň