Daşary ýurtlaryň futbol ligalarynda çykyş edýän futbolçylarymyzyň sany ýene-de artdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Amir Gurbani Türkmenbaşynyň “Şagadamy” bilen şertnama möhleti tamamlanandan soň Bişkegiň “Dordoý” topary bilen bir ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy. Mälim bolşy ýaly, yzda galan möwsümde biziň toparlarymyzyň "Dordoý" bilen dört duşuşygy boldy. AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda "Balkan" bu topardan asgyn gelen bolsa, ýurdumyzyň çempiony "Altyn asyr" iki duşuşykda hem "Dordoýy" ýeňdi.
Amir Gurbani täze toparynda 87-nji belgili köýnekçede çykyş eder. Ýeri gelende aýtsak, hüjümçimiz geçen möwsümde Türkmenistanyň çempionatynda netijeli urgularyň 16-syny geçirdi. Yzda galan möwsüm Amiriň Ýokary ligadaky iň netijeli möwsümleriniň biridir. Ol tamamlanan möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň üçlügine girmegi başardy.
"Dordoýa" geçenden soň metbugat beýanatyny beren ildeşimiz täze topara geçişi barada gürrüň berdi: “Haçanda “Dordoýdan” teklip gelende, birjik-de pikirlenmän, gitmäge taýýar diýdim. Umuman,men karýeramdaky täze çagyryşa taýýardygymy aýtdym. Bişkege geldim, dessine-de lukmançylyk barlagyndan geçdim. Ine-de, men toparda. Gyrgyz Respublikasynyň iň adygan topary bilen şertnama baglaşanyma begençimiň çägi ýok”.
Diýmek, Amir Gurbany AFK-nyň kubogy — 2018-de Türkmenistanyň toparlarynyň garşysyna çykyş edip biler. Üstünlik hemraň bolsun, Amir!