Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyryň" AFK-nyň kubogyndaky topardaşy «Ýylyň brendi» bäsleşiginiň altyn baýragyny aldy

16:0219.12.2017
0
4782

«Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky bäsdeşi bolan Duşenbäniň «Istiklol» kluby  «Ýylyň brendi» atly abraýly bäsleşigiň altyn baýragyny aldy. Bu barada «Istiklol» (Duşenbe) klubynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň her ýyl geçirýän bäsleşigine 60-dan gowrak kompaniýa gatnaşdy.

Dürli ugurlarda ýeňiji bolanlara laureatlaryň diplomlary we «Ýylyň brendi» bäsleşiginiň altyn, kümüş, bürünç baýraklary gowşuryldy.

Üstümizdäki ýylda 10 ýyllyk şanly senesini belläp geçen Duşenbäniň «Istiklol» futbol kluby «Sport, gözellik we saglyk» diýen ugurda «Ýylyň brendiniň» altyn baýragyny aldy.

Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» we «AFK-nyň kubogy-2017»-niň finalçysy «Istiklol» (Täjigistan) Merkezi zolagyň «D» toparynda çykyş edýär.

«Altyn asyr» 14-nji martda Aşgabatda Duşenbäniň «Istiklolyny» kabul edýär. 16-njy maýda bolsa topardaky ýaryşyň iň soňky oýny geçiriler. Şol gün Türkmenistanyň we Täjigistanyň çempionlary duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň