Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň taekwondo ýygyndysy Söweş sungatlarynyň halkara oýunlarynda ýene üç medal gazandy

04:0904.12.2017
0
6113

Minskide Söweş sungatlarynyň VII halkara oýunlary tamamlandy, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary bürünç medallaryň ýene üçüsine mynasyp boldy. Olaryň ikisi taekwondo boýunça toparlaýyn bäsleşiklerde, biri bolsa şahsy ýaryşlarda gazanyldy. Türgenlerimiz jemi alty medala – bir altyn we bäş bürünç medala eýe boldular.

Goşanyýaz Durdyýewden, Orazmyrat Çaryýewden, Gaýgysyz Atabaýewden, Annamyrat Goşanyýazowdan we Serdar Hydyrowdan ybarat türkmen taekwondoçylarynyň topary iki görnüş: toparlaýyn (toplumlaýyn maşklar) tulda we toparlaýyn sparringlerde oňat netijeleri görkezdi. Olar hereketleriniň jebisligini üpjün edip, iki bürünç medaly eýelediler.

Abdyrahman Hasanowyň bürünç sylagy medallaryň jemini jemledi, türkmen türgeni  Russiýa Federasiýasynyň tejribeli türgeninden üstün çykyp, şeýle netijäni gazandy.

Habar berlişi ýaly, Minskide geçirilen iri ýaryşlar Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän başa-baş tutluşyklaryň birnäçe görnüşini öz içine alýar. Halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmak ýaly şeýle tejribe, şeýle hem söweşjeň sungatyň bu görnüşiniň ähli yklymlar boýunça ýaýramagy oňa geljekde olimpiýa görnüşiniň belent derejesine ýetmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň