Soňky habarlar

Archive news

Er-Riýatda türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisi bolar

22:0113.10.2017
0
1009
Er-Riýatda türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisi bolar

2017-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Er-Riýatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň bäşinji mejlisi geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz toplumy boýunça orunbasary M.Babaýew habar berdi.

Duşuşygyň çäklerinde geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mejlisde bellenilişi ýaly, dostlukly türkmen-saud döwletara gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň