Soňky habarlar

Arhiw

25-nji tapgyr: "Altyn asyr" çempionlyk ýaryşynda öňe ilerlerýär

10:1811.09.2017
0
3392

FIFA-nyň günlerindäki milli ýygyndylaryň duşuşyklary sebäpli berlen az salymlyk arakesmeden soň, Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionaty 25-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam etdi. Üç günläp dowam eden tapgyryň ilkinji gününde, 8-nji sentýabrda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary demirgazyk welaýatyň «Turanyny», 9-njy sentýabrdaky duşuşyklarda geçen ýylyň kümüş medalçysy «Balkan» «Aşgabady», «Merw» «Energetigi», öňňin bolsa Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagy» häzirki çempion «Altyn asyry» kabul etdi.  Tapgyrda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy — «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary dynç aldy.

Deňiz ýakasyndaky şäherde geçen duşuşykda myhmanlar 22-nji minutda Ibragim Ibragimowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsalar, olar bu artykmaçlygy diňe 52-nji minuda çenli saklap bildiler. Begenç Annagurbanowyň şol minutdaky owadan urgusy we şondan bäş minut soňra dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy «Şagadamy» 2:1 hasaby bilen öňe çykardy. Duşuşygyň jemleýji sözüni bolsa milli çempionatymyzyň 35 ýaşly tejribeli hüjümçisi Mämmedaly Karadanow aýtdy. Onuň 90-njy minutda geçiren pökgüsi bilen «Şagadam» «Turany» 3:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, M.Karadanow şu möwsümde iki toparyň düzüminde tapawutlanan az sanly futbolçylaryň hataryna girdi: tejribeli hüjümçi çempionatyň birinji ýarymynda «Balkanda» çykyş edipdi. Duşuşygyň 36-njy minudynda «Şagadamdan» Ýusup Orazmämmedow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Möwsümde biri-biri bilen üçünji gezek duşuşýan «Balkan» hem «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky oýun garaşylmadyk hasap bilen tamamlandy. Ozalky iki duşuşuykda «nebitçileriň» paýtagtyň adybir toparynyň derwezesinden jogapsyz 7 pökgini geçirendiginden, galyberse-de, bu gezekki duşuşygyň hem Balkanabatda geçirilýändiginden çen tutup, janköýerler köpçüligi «Balkanyň» ýeňşine garaşýardylar. 72-nji minudyna çenli hiç bir toparyň artykmaçlygy göze ilmedik duşuşykda garaşylmadyk ýerden «Aşgabat» öňe çykdy oturyberdi. Pökgini bolsa «Balkanyň» tejribeli merkezi goragçysy Mekan Saparow geçirdi, elbetde, öz toparynyň derwezesine. Şeýlelikde, Mekan Saparowyň «sowgady» bilen «Aşgabat» Balkanabat saparyndan ýeňiş bilen dolandy. Bu ýeňiş paýtagtyň adybir toparyny ýaryş tertibinde hem bir basgançak ýokary galdyrdy: indi «Aşgabat» bäşinji orunda.

Olaryň bir basgançak ýokary çykmagy, elbetde, «Merw» — «Energetik» duşuşygynyň netijesi bilen hem baglydy. Şu tapgyrdan öň bäşinji basgançakda «Energetik» bardy. Altynjy orundaky «Aşgabat» bilen tapawut bolsa bary-ýogy bir utukdy. Diýmek, bäşinjiligi saklap galmak üçin «Energetige» diňe ýeňiş gerekdi. Şol arzyly ýeňiş bolsa tapgyrda «Merwiň» myhmany bolan «Energetigiň» iň soňky minutda elinden gitdi. Mary derbisiniň 5-nji minudynda myhmanlar Guwanç Abylowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlandylar. Ýöne «Merw» 29-njy minutda hasaby deňledi, bu gezek şu möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň biri Rustam Mätryýazýew tapawutlandy. Birinji ýarym tamamlanmanka, «Energetik» ýene bir ýola öňe çykdy. 40-njy minutda Alibek Abdyrahmanowyň geçiren pökgüsi bilen hasap myhmanlaryň peýdasyna 1:2-ä çykdy. Duşuşygyň dowamynda başga-da tapawutlanmak üçin amatly pursat kän boldy, hat-da «Merwiň» tejribeli futbolçysy, jerime urgularynyň ussady Begenç Alamow, göz boldumy, dil boldumy, 11 metrlik jerime urgusyndan hem dürs peýdalanyp bilmedi. Ýöne ýer eýeleriniň yhlasy duşuşygyň 90-njy minudynda miwesini berdi. Ahyrky minutda Perman Hallyýewiň «Merwiň» hasabyna geçiren pökgüsi duşuşygyň ahyryky netijesi boldy: Mary derbisi 2:2-lik deňme-deňlik bilen tamamlandy. Indi Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlar ýaryş tertibinde hem goňşy: «Energetik» altynjy, «Merw» ýedinji orunda. Iki toparyň arasyndaky tapawut bolsa bary-ýogy dört utuk. Bu duşuşyk çempionatymyzda dört tapgyrdan soň deňme-deňlik bilen tamamlanan ilkinji duşuşykdyr.

Tapgyryň jemleýji duşuşygynda «Köpetdag» «Altyn asyry» kabul etdi. Birinji ýarymy «sessiz» geçen duşuşygyň ikinji ýarymynda geçirilen iki pökgi bilen häzirki çempion duşuşykda ýeňiş gazandy. 47-nji minutda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow, şondan 10 minut soňra bolsa «aragatnaşykçylaryň» «10-lygy» Selim Nurmyradow tapawutlandy. Duşuşykda S.Nurmyradowyň geçiren pökgüsiniň janköýerleriň uzak wagtlap ýadyndan çykmasa gerek. «Köpetdagyň» derwezesiniň ýakynynda dörän dartgynly pursatda Selim ýykyldy. «Köpetdagyň» goragçylarynyň yza depmäge synanşan pökgüsi bolsa onuň aýagyna geldi. Pursatdan peýdalanan Selim oturan ýerinden pökgini asmana galgadyp goýberdi. Pökgi bolsa öňe çykan derwezewan Batyr Geldiýewiň üstünden aşyp, derwezä girdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň