Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda we sebitlerde täze mekdepler açyldy

23:5001.09.2017
0
18737

Ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde täze, 2017-2018-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Döwletimiz ýaşajyk türkmenistanlylaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, eziz ýurdumyza mynasyp gulluk etmek üçin ähli şertleri döredýär.

|u gün hem täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanylyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň birbada üçüsiniň hem-de Köşi ýaşaýyş toplumynda her biri 720 orunlyk mekdepleriň ikisiniň açylmagy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary hem Bilimler we talyp ýaşlar gününi giňden hem-de dabaraly ýagdaýda belläp geçdiler. Sarahs etrabynda her biri 720 orunlyk täze orta mekdepleriň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Paýtagtymyzyň Köşi ýaşaýyş toplumynda her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň ikisiniň açylmagy körpelere ajaýyp sowgat boldy. Mekdep ýaşyna çenli edaralaryň iki gatly binalarynda çagalaryň sazlaşykly terbiýelenmegi, hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Her ýaşdaky toparlar üçin amatly oýun we ýatakhana otaglary, synp otaglary, şol sanda mekdep ýaşyna çenli bilim ulgamy bilen üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutuldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň