Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly iňlis dili mugallymlary Daşkentde geçirilen halkara okuw maslahata gatnaşdylar

09:5713.01.2025
0
13875

Beýik Britaniýanyň «Britan geňeşi» edarasy tarapyndan Daşkent şäherindäki Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistandan bu halkara okuw maslahata ýurduň bilim ulgamynyň ylmy edarasy bolan Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgäri we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli mugallymlary gatnaşdylar.

Halkara okuw maslahatda iňlis dili mugallymlary taýýarlamak maksatnamasynyň çäginde mugallymlaryň hünärini üznüksiz kämilleşdirmek işine we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Şonuň ýaly-da, mugallymçylyk işiniň ähli basgançaklarynda iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamakdan başlap, olaryň bilim edaralarynda işlemäge başlaýan döwrüne çenli hünär derejesini üznüksiz kämilleşdirmek we öz işiňe baha bermek konsepsiýasyny girizmek, refleksiýany, refleksiw tejribäni hem-de refleksiw döwri ara alyp maslahatlaşmagy guramak ýaly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

«Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi işjeňleşdirmek» atly taslamasy refleksiýa boýunça işenip taýýarlanan amaly materiallary we ýumuşlary öwrenmek hem-de olary özleşdirmek, «iňlis dili mugallymlary taýýarlamak maksatnamalarynyň» nukdaýnazaryndan Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda mugallymlaryň hünär derejelerini üznüksiz ýokarlandyrmagyň ähmiýetini öwrenmek ýaly meseleler hem maslahatlaşyldy.

Okuw maslahatyna Özbegistan Respublikasynyň iňlis dili mugallymlaryny taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň