Soňky habarlar

Arhiw

Çaga we multfilm

0
6163

Mundan 30-40 ýyl öň çagalara «Bir bar eken, bir ýok eken...» diýlip erteki aýdylyp berilýän bolsa-da, häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen bu ýagdaýlar azda-kände özgerip barýar. Çagalar hernäçe ertekili kitaplary okasalar-da, multfilme tomaşa etmek olar üçin has gyzykly bolup görünýär. Çünki ses, şekil, hereket, duýgy birleşip çagalaryň ünsüni özüne çekýär. Wakalar olara has gyzykly görünýär. Emma çagalar multfilme tomaşa edenlerinde diňe multfilmi döredenleriň kesgitlän çäklerinde pikirlenýärler. Olaryň hyýaly göz öňüne getirmeleri takyk berlen gahrymanlar bilen çalşyrylýar. Haçan-da ertekileri okanlarynda bolsa, olar gahrymanlary özleriçe hyýalynda janlandyrýarlar. Wakalary durmuş bilen baglanyşdyryp bilýärler. Ertekini okap bolansoň, olar özleriçe netije çykarmagy öwrenýärler. Emma multfilmlerde netije eýýäm çagalara taýýar görnüşde ýetirilýär. Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri ol hem çagalara görkeziljek multfilmleriň dogry seçilip alynmagydyr. Çünki çaga kinolarda, multfilmlerde gören her bir hereketini gaýtalamaga çalyşýar. Bu bolsa olaryň heniz seljeriş, akyl ýetiriş ukyplarynyň doly kemala gelip ýetişmänligi sebäplidir. Şonuň üçin çagalaryň her bir sowalyna uly adama düşündiren ýaly jogap bermeklik zerurdyr.

Çeşme: "Nesil" gazeti, 19.12.2020 ý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar