Soňky habarlar

Arhiw

Ginnesiň rekordlar kitabyndan futbol wakalary

0
5067

Ätiýaçdan oýna girenden soňra, iň tiz geçirilen pökgi

Daniýaly hüjümçi Niklas Bendtner Angliýanyň «Arsenalynda» çykyş edýärkä, ýagny 2007-nji ýylyň 22-nji dekabrynda futbolyň taryhynda ätiýaçdan oýna girilenden soňra, iň tiz geçirilen goly öz adyna ýazdyrmagy başardy. Ol iňlis çempionatynda «Tottenhemiň» garşysyna bolan duşuşykda meýdança gireninden bary-ýogy alty sekunt geçenden soňra, meýdançanyň burçundan derwezäniň alkymyna geçirilen pökgini toruň iç ýüzüne gönükdirmegiň hötdesinden geldi.

Iň uzak aralykdan geçirilen pökgi

Futbolyň taryhynda iň uzak aralykdan geçirilen gol  2013-nji ýylda Angliýanyň çempionatynda hasaba alyndy. «Stok Siti» toparynyň derwezeçisi Asmir Begowiç öz goraýan derwezesiniň agzynda «Sautgemptonyň» oýunçysynyň aýagyndan diýen ýaly alan pökgüsini güýjünde baryny edip, garşydaşlarynyň derwezesine tarap depip goýberýär. Netijede, pökgi derwezä golaý aralykda ýere degýär-de, derwezeçi Artur Borusdan üstaşyr geçip, toruň iç ýüzünde gaýmalaýar. Begowiçiň aýagynyň pökgä galtaşan ýeri bilen derwezäniň aralygy ölçenip görlende, 91,9 metr eken.

Oýundan iň çalt çykarylan futbolçy

Awstraliýaly Tim Kehill futbolyň taryhynda iň çalt oýundan çykarylan oýunçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girendir. Ol ýurdunyň çempionatynda «Melburn Siti» hem-de «Wiktoriýa Siti» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 5 minut galanda, oýna girmek üçin meýdançanyň gyrasynda durka, garşydaş toparyň futbolçylary gol geçirýärler. Meýdançanyň gyrasyndaky emin oýundan daşardaky ýagdaýyň bolandygyny mälim edip, baýdagyny galdyrsa-da, baş emin goly hasap edýär. Pökginiň derwezä giren pursadyny aýyl-saýyl gören Kehill baş eminiň bu gelen netijesiniň hakyky adalatsyzlykdygyny aýan etmek üçin onuň ýanyna ylgap barýar hem-de aýtjak sözlerini kemini goýman aýdýar. ªobada hem Time gyzyl petek görkezilýär we ol hatda 1 sekunt hem oýnaman, meýdançany terk etmeli bolýar.

Iň köp duşuşyk geçiren oýunçy

Meşhur angliýaly derwezeçi Piter ªilton Ginnesiň rekordlar kitabynda iň köp oýun geçiren futbolçy hökmünde orun alandyr. Ol 1966—1997-nji ýyllar aralygynda 1391 duşuşykda öz toparlarynyň derwezelerini gorapdyr. Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 125 oýunda ýaşyl meýdança çykan Piter häli-häzirem teleýaýlymlarda çykyş edende, 1986-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ýarym finalynda öz goraýan derwezesine Maradonanyň eli bilen geçiren golunyň hasap edilmeginiň futbolyň taryhyndaky iň uly adalatsyzlyklaryň biridigini agzanyny kem görenok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar