Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi

17:2714.05.2024
0
12654

Şu gün, 14-nji maýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Seul şäheriniň Ýoňsan etrap häkimliginiň binasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan suratlaryň, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylarynyň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary sergide aýratyn orun eýelediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby sergä gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň