Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmen» ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär

0
17163

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän senagat önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmäge mümkinçilik aldy. 2011-nji ýylda döredilen «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetinde hem bu babatda degişli işler alnyp barylýar. «Maksatly Türkmen» reňklenen aýna penjireleri, penjireleri we gapylary, şeýle-de birleşdirilen panelleri gurmakda ýöriteleşen ýokary tehnologiýaly kärhanadyr. 

Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti dürli öňdebaryjy tehniki çözgütleri işläp taýýarlamagyň hötdesinden geldi. Şunlukda, desgalary gurmak üçin taplanan aýnany, gyzdyrmak arkaly tekiz we egri aýna bilen bagly hyzmatlary alnyp barýar. Hojalyk jemgyýetiniň sarp edijiler üçin dürli görnüşli aýnalary gaýtadan işlemäge hem mümkinçiligi bar. 

Döwrebap binalarda möhüm işler alýumin we plastik önümleri bilen ýerine ýetirilýär. Munuň sebäbi, şeýle önümler müşderiler üçin amatly we estetik taýdan göze gelüwlidir. Dizaýnyň gözelligi üçin kärhanada müşderilerden gelýän islegler öwrenilýär we dünýä bazaryna salgylanyp, hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

Belli bolşy ýaly, alýumin we plastik serişdeleri häzirki zaman gurluşyk dünýäsine barha aralaşýar. Ýeri gelende bellesek, “Maksatly Türkmen” dünýädäki internet marketing giňişliginde sarp edijilere gönüden-göni tehniki maslahatlary we taslamalary hödürleýär. 

“Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýeti ýurduň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynyň we hususy kärhanalarynyň buýurmasy esasynda iş alyp barýar. Jemgyýetiň önümçilik toplumy PWH-dan, alýuminden penjire-gapy, witražlary we maskit tory taýýarlaýan, aýnadan dürli ölçegdäki witražlary, balkon aýnalamalary we duş kabinalary taýýarlaýan, panjur (roll stawni) we ýygnalýan saýawanlary taýýarlaýan bölümlerden, şeýle-de ammarlardan ybarat bolup durýar. Öndürilýän önümiň ýokary hilli bolmagy üçin Ýewropa ýurtlarynda öndürilen hem-de dünýä standartlaryna laýyk enjamlar ulanylýar. 

Önümleriň arasynda daşky žalýuz, balkonlary we garažlary bezemek we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ulanylýan awtomatlaşdyrylan äpişge gabsalar, şeýle-de awtomatik sensorly gapylar, böleklerden ybarat bolan awtomatik derwezeler, açylyp ýapylýan aýna düzütler, günden goraýan telärler, bassyrmalar, binalaryň öň tarapy üçin silikonly alýumin penjireler, äpişge we gapy üçin bezegler, ofis üçin taplanan aýnadan ýasalan germewler bar. 

“Maksatly Türkmen” hojalyk jemgyýeti taplanan aýnany Türkiýeden getirilen enjamlarda öndürýär, ýokary hilli aýnalary bolsa Türkmenistanyň “Türkmen aýna önümleri” zawodyna sargyt edýär. 

Her bir müşderä aýratyn çemeleşmek kepillendirilýär. Müşderileriň jaýyny ýa-da iş binalaryny özüne çekiji görk we rahatlyk bilen üpjün etmek üçin hünärmenler tarapyndan yhlasly iş alnyp barylýar. Şoňa görä-de, hojalyk jemgyýeti halkyň doly ynamany gazanmagy başarýar.

Häzirki döwürde ýurduň gözel keşbine görk bermek, raýatlaryň rahat we owadan jaýlarda ýaşamagy, işlemegi we dynç almagy üçin «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar