Arhiw

TÝL ― 2020: 1-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
3124

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Bir tapgyrda iki deňlik: Möwsümiň ilkinji tapgyryndaky iki duşuşyk golsuz deňlikler bilen tamamlandy.

Häzirlikçe 2 gol: Tapgyrda derwezelere häzirlikçe 2 pökgi geçirildi. Ýöne ätiýaçda «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygy hem bar.

«Köpetdag» ― «Energetik» ― 0:0

«Ahal» ― «Nebitçi» ― 2:0

Gollar: Myrat Ýagşyýew 22, Elman Tagaýew (73 ― 11 m.j.u.).

«Ahal» ýeňiş gazanan ilkinji topar: «Ahal» ― Türkmenistanyň çempionaty ― 2020-de ýeňiş gazanan ilkinji topar boldy.

Ýagşyýew ilkinji golçy: Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy.

Hüjümçä mynasyp başlangyç: Myrat Ýagşyýew bassyr dört möwsümden bäri wekiçilik edýän toparlarynyň geçiren ilkinji duşuşyklarynda tapawutlanyp gelýär.

Elman Tagaýew ― ilkinji penaltyçy: Elman Tagaýew şu möwsümde 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren ilkinji futbolçy boldy.

9 möwsümde 60 gol: Elman Tagaýew Ýokary liganyň soňky 9 möwsüminde 60-njy goluny geçirdi.

«Ahal» 20-nji möwsümine girişdi: Ýokary ligada arakesemeler bilen çykyş eden, 2010-njy ýyldan bäri ähli möwsümlere gatnaşyp gelýän «Ahal» şu ýyl 20-nji möwsümine girişdi.

Ýokary ligadaky 230-njy ýeňiş: «Ahal» şu tapgyrda Ýokary ligadaky 230-njy ýeňşini gazandy.

Ýokary ligadaky 220-nji utulyş: «Nebitçi» şu tapgyrda Ýokary ligada 220-nji gezek utuldy.

«Şagadam» ― «Aşgabat» ― 0:0

«Altyn asyr» ― «Merw» (20-nji marta geçirildi)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar