Putin türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlady

06:2409.05.2024
0
12523

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmenistanlylary gutlady diýip, Kreml habar berýär.

Bellenilişi ýaly, rus Lideri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Abhaziýanyň, Günorta Osetiýanyň döwlet Baştutanlaryna, şeýle-de Gruziýanyň we Moldowanyň halkyna Gutlag hatlaryny iberdi.

Russiýanyň Prezidenti Gutlag hatlarynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda dörän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň biziň ýurtlarymyz bilen halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin, ygtybarly esas bolup galjakdygyna ynam bildirdi.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň rus tarapynyň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň