Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpiniň maşgalasy Türkmenistana sapar bilen çagyryldy

21:5319.05.2024
0
8301
Si Szinpiniň maşgalasy Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Surat: news.cn

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda geçirilen beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahat geçirildi.

Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagyň maşgalasy hanym Şen Ýueýueni gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini belledi.

Hormatly Arkadagyň maşgalasy geçen ýyl hytaý topragynda bildirilen myhmansöýerligiň ýokary derejesini belläp, hanym Şen Ýueýue bilen Pekinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Myhman hoşniýetli sözler üçin hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny, hakykatdan-da, hemişelik dost-doganlyk ýörelgeleriniň düzýändigini belledi we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa myhmana Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuana we maşgala agzalaryna mähirli salamyny hem-de Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy ýetirmek hakyndaky haýyş bilen ýüzlendi we olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyjagy geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne panda gurjagynyň sowgat berlendigini, onuň özünde uly täsir galdyrandygyny we bu gurjagy ilki şekile geçirendigini hem-de şonuň esasynda keşde taýýarlandygyny aýtdy. Ol myhmandan taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etdi.

Myhman zenan bu täsin sowgat hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasyna iberilen çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň özi üçin unudylmajak pursatlara baý bolandygyny aýtdy. Myhman ajaýyp sowgat üçin gyzjagaza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän şeýle işi ýerine ýetirmäge başarnygynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň